- şow
- 1Işiň gowy netijesi, üstünlik, oňat, ugruna.Ýazuw düzgüni: Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar.Meselem şow - şowum, şowuň.◊ şow gürrüň — Ugruna bolan gürrüň, şowly, oňaýly gürrüň.∙ Hemaýyn şow gürrüňden soň, Osipow Ezize ýüzlendi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)◊ şowuna düşmek — Üstünlik bilen gutarmak, oňuna düşmek.∙ Ene böwet saklamaga şeýle sak bolsa-da, onuň sakçylygy bir gezek şowuna düşmedi. («Zähmet Gahrymanlary»)2Göni, düz, tekiz.∙ Maýsa şow ýol bilen barýardy.Ýazuw düzgüni: Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar.Meselem şow - şowum, şowuň.3Suw degirmenleriniň ýabynyň beýgelýän ýerindäki suwy sowmak üçin kesä sowulýan ýap.∙ Haraba bolup galan degirmen şowundamy ýa-da öýüne karthana öwren adamlaryň biriniň öýündemi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)∙ Gurt hem şol oýnuň halkasynda peýda bolýar. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)Ýazuw düzgüni: Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar.Meselem şow - şowum, şowuň.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.